Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Orsýet raýaty hakerler toparyna gatnaşygyny boýun aldy


Kompýuter hakeri (©Shutterstock)
Kompýuter hakeri (©Shutterstock)

ABŞ-nyň federal sudy sport, saz we teatr tomaşalaryna umumy bahasy 1 million dollardan gowrak biletleri aldawly ýollar arkaly satyn alan hakerler toparyna ýolbaşçylyk etmekde aýyplanýan orsýetlini jenaýat toparynyň agzasy bolmakda günäli tapdy.

Wadim Polýakow 20-nji iýunda günäni boýun aldy we özüniň biletleri satýan StubHub atly gullugyň hasaplaryny döwen halkara hakerler toparynyň düzümine girýändigini aýtdy.

Ol pul ýuwmak we ogurlanan emlägi ulanmak bilen bagly günäleri hem boýun aldy.

Prokurorlar toparyň ogurlanan biletleriň her birini bir müň amerikan dollaryna barabar bahadan satjakdygyny aýtylar. Şeýle-de resmiler bu hereketlere StubHub gullugy bilen bagly bir müň hasabyň sezewar edilendigini we umumy bahasy 1.6 million dollarlyk 3500 biletiň eýelenendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG