Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystan: Iki adam sibir başy infeksiýasyndan ýogaldy


"Bacillus anthracis" bakteriýasynyň ulaldylan şekili (Reuters)

Gazagystanyň döwlet sud laboratoriýasy Karagandy regionynda iki ýaşaýjynyň sibir başy infeksiýasynyň netijesinde ýogalandygyny tassyklady.

Karagandy regionynyň häkiminiň orunbasary Şaguraşid Mamalinowyň 22-nji iýunda aýtmagyna görä, barlaglaryň netijesinde Erkindik obasynda satuwa çykarylan çig etiň nusgalarynda ýokanç keseli döredýän bakteriýa (Bacillus anthracis) tapylypdyr.

Mamalinow ýogalan iki oba ýaşaýjysynyň, şeýle-de 19-njy iýunda keselhana düşen ýene alty adamyň goňşusyndan eti satyn alandygyny aýtdy.

Oba ýapyldy we medisina işgärleri keselçiligiň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işleri geçirýärler.

ABŞ-nyň kesellere gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça merkezleriniň (CDC) maglumatyna görä, öý mallary, şol sanda şahly iri mallar, goýunlar, geçiler we keýikler infeksiýa topragy, ösümlikleri we hapa suwy ýuwudyp duçar bolýarlar.

CDC infeksiýanyň antibiotikler bilen bejerilmedik ýagdaýynda ölüme getirýändigini aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG