Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fransiýa orsýetli futbol janköýerleriň liderini ikinji gezek ýurtdan çykarýar


Orsýetiň futbol janköýerleriniň lideri Aleksandr Şprygin, Marsele
Orsýetiň futbol janköýerleriniň lideri Aleksandr Şprygin, Marsele

Fransiýa Orsýetiň futbol janköýerleriniň lideri Aleksandr Şprygini bir hepdeden az wagtyň dowamynda ikinji gezek deportasiýa edýär. Fransiýanyň häkimiýetleri öz çäresiniň “Euro 2016” futbol ýaryşynyň dowamynda tutaşan zorluklar bilen baglydygyny 22-nji iýunda aýtdylar.

Polisiýa Şpryginy 20-nji iýunda Orsýetiň futbol komandasynyň Wales bilen oýnaýan ýeri Toulouse şäherinde gaýtadan tussag etdi.

Şprygin Britaniýanyň we Orsýetiň komandalarynyň Marselde geçirilen duşuşygynyň dowamynda emele gelen çaknyşyklaryň yzýany 18-nji iýunda Fransiýadan deportasiýa edilipdi.

Tutaşan zorluklar Ýewropanyň futbol federasiýasyny (UEFA) Britaniýa we Orsýete bäsdeşlikden çetleşdirmegiň mümkinçiligi barada duýduryş bermäge mejbur edipdi.

Soňky günlerde tertipsizlikler gowşady, emma polisiýa 21-nji iýunda Marselde polşaly futbol janköýerleriniň arasynda dörän çaknyşygy dargatmak üçin gözi ýaşardýan gazy we beýleki serişdeleri ulandy we azyndan 12 adamy tussag etdi.

XS
SM
MD
LG