Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Üç ýurduň türgenleri gadaganlyk bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar


Agyr atletika boýunça dört gezek dünýä çempiony bolan Ilýa Ilýin. Almaty, 2014 ý.
Agyr atletika boýunça dört gezek dünýä çempiony bolan Ilýa Ilýin. Almaty, 2014 ý.

Agyr atletika boýunça halkara federasiýa Russiýanyň, Gazagystanyň we Belarusyň agyr atletika toparlary 2016-njy ýylyň awgust aýynda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan mahrum edilip bilnerler diýdi.

Federasiýa mundan ozalky Olimpiýa oýunlarynyň gan nusgalarynyň barlanmagy netijesinde, bu toparlaryň gadagan edilen maddany ulanandygynyň üsti açyldy diýdi.

22-nji iýunda bu federasiýa agzalýan üç ýurduň toparlarynyň her birinde üç ýa-da ondan hem köp gezek doping, ýagny gadagan edilen kuwwatlandyryjynyň ulanylandygy tassyklandy diýip, bu toparlaryň ýaryşlardan 1 ýyllyk çetleşdirilmelidigini mälim etdi.

Şeýle-de, federasiýanyň maglumatynda bu toparlaryň Rio-de-Žaneýroda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan mahrum edilmek ähtimallygy baradaky soňky netije, Halkara Olimpiýa komiteti 2008-2012-nji ýyllardaky Olimpiýa oýunlary döwründe alnan gan nusgalarynyň gaýtadan barlanmagy dogrusynda gutarnykly karar çykarandan soň belli bolar diýdi.

XS
SM
MD
LG