NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg britanlaryň ýurduň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminden çykmagy dogrusynda ses berendigine garamazdan, Beýik Britaniýanyň ýaranlykdaky pozisiýasynyň “üýtgewsiz saklanyp galjakdygyny” aýtdy.
Stoltenberg bu baradaky çykyşyny 24-nji iýunda Britaniýanyň “Brexit” diýlip atlandyrylýan referendumynyň netijeleri yglan edilenden soň etdi.
Şeýle-de, Stoltenberg Beýik Britaniýa “özüniň Ýewropa Bileleşigi bilen gatnaşyklarynda täze bölümi kesgitleýän mahaly, NATO-nyň güýçli we wepaly ýarany bolup saklanyp galar” diýdi.
22-nji iýunda, ýagny britanlar ses berişlige gatnaşmazdan bir gün ozal, Stoltenberg “böleklere bölünen Ýewropa durnuksyzlygyň we nämälimligiň gelip biljekdigini” aýdyp, duýduryş berdi.