Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Il ogly


Kitaplar we äýnek.
Kitaplar we äýnek.

Okyjydan:

“Paýzy Oraz barada ýene-de giňişleýin maglumat berilse, şu zeýilli hakyky ýönekeý halkyň aladasyny eden we gaty dogry pikirleri aýdyp bilen adamlar barada maglumat berilse, ol Türkmenistanyň şu güni we gelejegi üçin gaty uly peýdaly iş bolardy”

Aron, 20-nji iýun, 2016 ý.

Okyjymyzyň islegini nazarda tutup, Paýzy Oraz barada dolurak maglumat bermäge çalyşýarys.

Il ogly

Şahyr Paýzy Oraz uniwersitet bilimi boýunça ýurist. Ýaşlykdan gyzyklanan ugry çeper edebiýat hem saz sungaty bolupdyr. Höwes eden güýmenjesi boks göreşi. Ýaşlyk döwründe ýaşlaryň arasynda ýeňiji bolupdyr. Soňra agyr agram boýunça Türkmenistanyň çempiony bolýar.

Onuň göreşi hem batyrgaý sözi Staliniň şahsyýet kulty ýazgarylandan soň ýüze çykyp başlaýar.

60-njy ýyllaryň başynda Ýazyjylar Birleşiginiň nobatdaky gurultaýy geçýär. Söz nobatyny gaňryp almak islän Paýzy Oraz ýerinden turýar-da, münbere tarap ugraýar. Ol:

– Ýaşlar, meniň yzym bilen öňe! – diýip, elini bulap gygyrýar.

Elbetde, onuň çagyryşyna eýerip, ýerinden turup bilen bolmandyr. Şeýle-de bolsa, Paýzy özüni uly ýazyjy saýýanlaryň şindizem Staliniň kölegesinde ýaşap gelýändigini, olaryň ýaranjaň edebiýaty döredýändigini berk ýazgarypdyr.

Paýzy Oraz
Paýzy Oraz

Şol çykyşdan soň Paýzy Orazyň garşydaşy has artypdyr. Ol bolsa öz göreşini dowam etdirip, Kommunistik partiýanyň çüýreýändigini, onuň korrupsiýa batandygyny aýdypdyr.

Ony akylyndan azaşan, akyly üýtgeme sebäpli başgaça pikir edýän näsag hökmünde psihiki keselhana salypdyrlar. Töwerekden bildirilen garşylyklardan gorkup, onuň işini suda geçiripdirler. Ol “sowet döwletine dil ýetirenlikde” aýyplanypdyr.

Goldawlar

SSSR-e N.S. Hruşeýwiň getiren maýylganlygynda janlanan aýdyň pikirli adamlar Paýzy Orazy dälihanada ýatanda-da, türmä geçirilende-de goldapdyrlar. Ony ýurtdan çetde bolsun diýen maksat bilen Moskwa türmesine geçiripdirler. Şonda Paýzynyň goldawy has-da artypdyr.

Şol döwürde Kuba Respublikasynyň baştutany Fidel Kastro SSSR-e gelýär. Paýzy Orazyň F. Kastro bagyşlap ýazan gutlag goşgusy bar ekeni. Mümkinçiikden peýdalanyp, SSSR-iň 2-nji gazeti bolan “Известия” baş sahypasynda Paýzy Orazyň goşgusyny çap edýär.

“Известия” gazetiniň redaktory N.S. Hruşewiň giýewi A.I. Adžubeýdi. Demokratik özgerişlikleriň tarapdary bolan Alekseý Adžubeý Paýzy Orazy goldamak üçin, bu işe batyrlyk edipdir. Şondan soň onuň hereketlerinde jenaýat işiniň ýokdugy sebäpli, türmede saklap bilmändirler.

Bir ýyla golaý türmede oturyp, ol azatlyga çykypdyr, ýöne berk gözegçilik astynda ýaşamaly bolupdyr. Köp ýyllap gaçyp gezip, onda-munda ýaşamaly bolupdyr. Gizlin gullugyň işgärleri onuň töweregini gurşap, jemgyýet bilen gatnaşygyny doly ýoga çykarypdyrlar. Öz hünäri boýunça işlemäge ýol bermändirler, eserlerine gadaganlyk girizipdirler. Ülkäni öwreniş muzeýinde maslahatçy, soňra oba hojalyk tehnikasyny öwredýän kiçi okuw jaýynda taryhdan mugallym bolup işläpdyr.

Açyk hat

Onuň soňky syýasy çykyşlarynyň biri 70-nji ýylyň başynda köpçülige ýaýradan acyk haty bolsa gerek.

Ol hatynda çagyryş ýa tankyt bolman, baş goýan esasy üç maksady barada durup geçýär. Syýasy ugurlar boýunça “Il ogly” ýa-da “Il partiýasy” atly partiýany döretmegiň zerurdygyny düşündirýär. Beýle partiýanyň kommunistler ýaly, bütin dünýä agalyk etjek bolman, eýsem sebitiň çägine degişli bolmalydygyny öňe sürýär.

Halk durmuşy bilen bagly edebiýaty döretmekçi bolandygyny aýdýar. Sport babatynda öz göreşini dowam etdirip, SSSR çäginde çykyş etmegi hem ahyrky maksatda Muhammet Aly bilen duşuşmagy ýüregine düwendigini aýdýar.

Ýeri gelende, şu hat bilen baglanyşykly bir ynsanyň berk yzarlanandygyny aýdaýyn.

Meniň Artyk Annageldiýew diýen dostum bardy. Ol uniwersitetiň Hukuk fakultetini gaýybana gutaryp, Içeri Işler bölüminde işleýärdi. Bir gün ony KGB çagyryp, Paýzynyň hatyny görkezip: “Şuny sen ýazdyňmy?” diýýärler. Oňa boýun almakdan başga çäre galmandyr.

– Biz şu haty göçüren adamy 16 ýyllap gözledik. Ahyry ol gapdalymyzdaky edaradan çykdy. Munuň üçin seni jogapkärçilige çekip bolanok. Ýöne içerki gullukda işlemeli däl – diýipdirler.

Artyk Annageldiýewi şol günüň özünde Içeri Işler ministrliginden işden boşadýarlar.

Edebiýat

Paýzy Oraz galan ömrüne adalat ugrundaky göreşini çeper edebiýatda beýan etdi. Ol ençeme eserler döretdi. Şol sanda “Hoş gal” (öňki ady “Arslanlar”) atly goşgy bilen ýazylan romany bar.

*

Bar zatdan ozal, dostlar, namys-ar gerek,

Nirde bolsañ saña gözi zar gerek,

Göz ýetirdim durmuşyma syn edip,

Hak şahyra çyn wepadar ýar gerek.

*

Ownuklygyñ dañy atyp baradyr,

Iriligiñ güni batyp baradyr,

Zenan çykyp, rozigäriñ tagtyna,

Är kişide, ärlik ýatyp baradyr.

*

Ençe ýyllap gezsem-de söz düzünde,

Söz diýlenok men hakda hat ýüzünde.

Goý, meni görmesin edebiýatçylar,

Gezsem bolýar iliñ gep-sözünde.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy.

Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG