«Yslam döwleti» demirgazyk Siriýada soňky üç hepde wagt içinde esasan kürtlerden bolan 900 çemesi adamy ogurlady diýip, gözegçilik topary 24-nji iýunda habar berdi.
Bu ogurlyk kürt milisiýasynyň jeňçilere garşy söweş alyp barýan ýerlerinde bolupdyr we ogurlanan adamlaryň asuda ilata degişlidigi aýdylýar.
Ol adamlar YD-nyň kontrollyk edýän şäheri al-Babyň golaýyndaky obalarda, Aleppo welaýatynyň demirgazyk-gündogarynda ýaşaýardy diýip, Adam hukuklary obserwatoriýasy aýdýar.
Jeňçiler ogurlanan adamlaryň 350 çemesini al-Rakka, öz paýtagtlary hasaplaýan ýerlerine geçirseler, galanlaryny Siriýadaky YD türmelerine alyp gitdiler diýip, habarda aýdylýar.
Şeýle-de, ekstremistleriň ogurlanan kürtleriň bir bölegini garym gazmaga mejbur edendikleri, azyndan 13 adamy jezalandyryp öldürendikleri, gaçmaga synanan 5 adamy atyp öldürendikleri aýdylýar.