Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Owganystana iberýän toguny artdyrýar


Hyrat şäheri
Hyrat şäheri

Türkmenistan Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasyny iberýär we goňşy ýurda edilýän eksportyň möçberini artdyrmak ugrunda yzygiderli tagalla edýär diýip, Trend habar gullugy türkmen metbugatyna salgylanyp ýazýar.

Ozal baglaşylan hökümetara şertnamasyna laýyklykda, bu tok 300 million kilowat-sagat kuwwatlykly Ymamnazar-Andhoý elektrik geçirijisi, 200 million kilowat-sagat kuwwatlykly Serhetabat-Hyrat-Turgundy geçirijisi arkaly iberilýär.

Neşiriň bellemegine görä, ýurduň elektrik pudagyny dolulygyna döwrebaplaşdyrmak, onuň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak üçin degişli kararlar kabul edildi.

Bu kararlaryň durmuşa geçirilmegi Owganystana Serhetabat-Hyrat-Turgundy ugry boýunça iberilýän elektrik toguny 200 million kilowat-sagatdan 400 million kilowat-sagada çenli artdyrmak mümkin boldy diýip, habarda aýdylýar.

XS
SM
MD
LG