Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl, Türkiýe barlyşyk ylalaşygyny yglan etdiler


Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu (ç) we ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerry (s), Rim, 27-nji iýun, 2016.
Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahu (ç) we ABŞ-nyň döwlet sekretary John Kerry (s), Rim, 27-nji iýun, 2016.

Ysraýyl we Türkiýe öz aralarynda alty ýyl bäri dowam edýän güýçli gapma-garşylygyň soňuna çykmak boýunça barlyşyk ylalaşygyny yglan etiler.

Ysraýylyň premýer-ministri Benjamin Netanýahunyň 27-nji iýunda Rimde aýtmagyna görä, ylalaşyk durnuksyz Ýakyn Gündogara “durnuklylyk” getirmek maksadyna gönükdirilýär.

Şol bir wagtyň özünde-de Türkiýäniň premýer-ministri Binali Ýildirim beýannama bilen Ankarada çykyş etdi.

Öz wagtynda ýakyn ýaran bolan iki ýurduň gatnaşyklary alty ýyl mundan ozal Ysraýylyň harby deňiz güýçleri gämide barýan dokuz türkiýelini öldürmeginden soň ýaramazlaşypdy. Ynsanperwer kömegini alyp barýan gämi Hamasyň gözegçiligindäki Gazanyň daşynda Ysraýylyň döreden gabawyny böwsüp geçmäge synanyşypdy.

27-nji iýunda yglan edilen ylalaşyga laýyklykda, ýurtlar diplomatik gatnaşyklaryny doly derejede dikelderler. Ysraýyl 20 million amerikan dollary möçberinde kompensasiýa tölär we Türkiýä Gazada kömek proýektleriniň ençemesini amala aşyrmaga rugsat berer.

XS
SM
MD
LG