Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Akyl-paýhas çeşmesi


B.Lallykowyň "Magtymguly" grafikasy
B.Lallykowyň "Magtymguly" grafikasy

Magtymgulynyň aýdan akyl-paýhasly pikirleri bize köp zatdan habar berýär.

Şahyryň borjy

Aslynda öwüt-ündew ýa-da didaktiki edebiýat känbir halanyp durulmaýar. Ýöne öwüt-ündewsiz hem durmuş ýok. Muny bize ynsanyýetiň döreden pähim-paýhasy subut edip gelýär. Biz şu babatda köplenç Magtymgula beýik akyldar diýip ýüzlenýäris. Sebäbi şahyryň ündeýän pikirleriniň aňyrsynda durmuşyň gaty irki döwürlerinden gaýdan pähimler ýatyr.

Pikirini has nygtamakçy bolanynda, muny şahyryň özi-de aýdýar.

Bu sözde bar hadys, aýat,
Pähim eýle ölmesden burun!

Hakykaty – hak sözi aýtmagy şahyr özüne borç bilipdir. Ol: «Söz bilenler bilen sözün gizlemez» diýipdi.

Şahyryň bu setirleri bolsa biziň aňymyzda baýdak kimin parlaýar.

Magtymguly, sözle her ne bileniň,
Özüňe kemlik bil aýtman öleniň.

Şahyr bu wesýetini hiç bir goşgusynda unutmaýar.

Paýhasa çagyrmak


Şahyr owaly bilen aň-bilime hem akylly bolmaga çagyrdy.

Alymlara uýsaň, açylar gözüň,
Jahyllara uýsaň, kör dek bolar sen.

Şeýleräk pikiri Mukaddes dört kitabyň biri Zeburda hem görýäs. Çeşmeleriň aýtmagyna görä, Zebur üç müň ýyl mundan öň peýda bolupdyr. Şol kitapda Süleýmanyň nakyllarynda şeýle diýilýär.

Akyldarlar bilen ýöreýän akylly bolar,
akmak bilen gatnaşýan zyýana galar. (13:20)

Şahyryň ündeýän pikirlerindäki şeýle çuňňur deňeçerligi beýleki goşgularda-da görüp bolýar.

Süleýman pygamberiň pähimlerinde dana pikiriň, paýhasly sözüň adamlary çagyrýandygy aýdylýar.

Eý, adamlar, men sizi çagyrýaryn,
çagyryşymy ynsan ogullaryna gönükdirýärin.

Nadanlar akylly boluň!
Siz, akmaklar, akylyňyza aýlanyň.

Diňläň, men möhüm zatlary aýdýaryn,
dogryny beýan edýärin.

Çünki dilim şeksiz hakykaty gepleýär,
agzym ýalany ýigrenýär.

Bar sözüm dogrudyr,
ýokdur egri-ýalany. (8:4-8)

Magtymguly hem ençeme eserinde, şuňa kybapdaş pikirleri aýtdy.

Sözüm nesihatdyr, bir gulak salsaň,
Bendesi men söze hyrydar guluň.

Her sözüm bir dürdür gadryn bilene…

Magtymguly öwüt aýdar,
Aňlan gulagynda güýder.

Aýdar Magtymguly: sözüm älemdir,
Nesihatym uly ile ylymdyr.

Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp.

Magtymguly ,,ile ýaýdym nesihat” diýmek bilen ýerlikli öwüt-ündew adamy dogry ýola salýar, ony dürli bela-beterden halas edýär diýen pikire eýeripdir. Aslynda şeýle pikir gaty ir zamandan dowam edip gelipdir.

Süleýmandan galan şeýle öwüt bar: «Akyldaryň öwüdi ölüm duzagyndan sowýan ýaşaýyş çeşmesidir» (13:14). Şahyr şol gadymyýet bilen öz döwrüni baglanyşdyrýar, şol sanda häzirki döwre hem şeýle paýhas laýyk gelýär.

Nesihata eýermek

Muňa garamazdan, bar adam nesihata eýerip baranok. Şahyr muňa oňat göz ýetiripdir. Şoňa görä Magtymguly şeýle diýdi.

Nesihat diňleseň, äriň äri sen,
Almasaň nesihat, köpüň biri sen.

Ciril (Kril) hem latyn hatlarynda çap edilen Pähimler. Stambul, 2009.
Ciril (Kril) hem latyn hatlarynda çap edilen Pähimler. Stambul, 2009.

Gadym zamanda Süleýman pygamber hem hut şeýle pikiri öňe sürüpdir.

Öwüt-nesihaty ret eden garyplyk hem biabraýlyk alar,
käýinji kabul edene hormat. (13:18)

Nesihaty diňlemek hem kabul etmek asla ýeňil iş däl. Köp halatda ol bir ýa iki aýdylany bilen adam aňyna-da ornaşyp duranok. Şonuň üçin aram-aram olara ýüzlenip durmak möhüm bolsa gerek.

Bir ýagdaýy bellesek, pähim-paýhas meselesinde, şahyr Ýunus Emräniň aýratyn orny bar. Onuň eserlerini uly baýramlarda, jemgyýetçilik ýerlerinde okaýarlar. Aýratyn belli günlerde-de Ýunus Emräni okaýarlar. Ýunus Emre adaty günlerde-de okalýar. Sebäbi ol ähli döwrüň şahyry. Öwüt-ündew adama şat gününde-de, agyr ýagdaýda-da, asla mydama gerek. Magtymguly hem şol derejede biziň milli şahyrymyz. Ol sebäp bolanda ýatlanyp, gaýtalanyp okalsa, hiç artykmaçlyk etmezdi.

Hudaýberdi Hally, ýazyjy. Bu ýerde aýdylanlar awtoryň şahsy pikiri.

XS
SM
MD
LG