Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ: Mosulda YD-nyň iki harby lideri öldürildi


 Mosuldan gaçan çaga, 27-nji iýun, 2016
Mosuldan gaçan çaga, 27-nji iýun, 2016

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalary koalisiýasy «Yslam döwleti» toparynyň Mosuldaky uruş ministriniň orunbasaryny we harby serkerdesini öldürdi diýip, Pentagon 1-nji iýulda habar berdi.

"Olaryň ölümi, geçen aýda beýleki YD liderlerine urlan zarbalar bilen bir hatarda, «Yslam döwleti» toparynyň Mosuldaky ýolbaşçylyk tejribesini mazaly gowşatda we olaryň demirgazyk Yrakdaky iň uly harby agzalaryny ýok etdi» diýip, Pentagonyň sözçüsi Piter Kuk aýtdy.

25-nji iýunda Mosulyň golaýyna urlan howa zarbasy uruş ministriniň orunbasary Basim Muhammad Ahmad Sultan al-Bajari öldürdi. Ol 2014-nji ýylda Mosulyň ele geçirilmegine ýolbaşçylyk edipdi. Bajari ozalky «Al-Kaýda» agzasydy.

Kuk YD-nyň beýleki öldürilen lideriniň Hatim Talib al-Hamdunidigini, Mosuldaky harby komandirdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG