Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin, Obama Siriýadaky konflikt barada pikir alyşdylar


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s)
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin (ç) we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama (s)

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin we ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Siriýadaky ýagdaý barada telefon arkaly pikir alyşdylar, diýip iki ýurduň resmileri mälim etdiler.

Kremliň 6-njy iýulda aýtmagyna görä, telefon arkaly gepleşik geçirmegi teklip eden Putin Obamadan Siriýada aram oppozision gozgalaňçylaryň we “Al-Kaýdanyň” Siriýadaky “Al-Nusra” fronty ýaly ekstremist toparlaryň arasyny açmaga ýardam sorapdyr.

Şeýle-de iki lideriň BMG-niň araçylygynda parahatçylyk ugrundaky gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygy barada ylalaşandygy habar berildi.

Ak Tam Obamanyň “Orsýetiň Siriýanyň režiminiň hüjümleri bes etmegi ugrunda basyş etmeginiň ähmiýetini nygtandygyny” aýtdy.

Obamanyň we Putiniň arasynda geçirilen bu gepleşik Siriýanyň harbylarynyň ok atyşygy bes etmek boýunça 72 sagatlyk “asudalyk düzgünini” birtaraplaýyn yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi. Bu düzgün 8-nji iýunyň gijesine çenli dowam eder.

Waşington we Moskwa Siriýada bäş ýyl bäri dowam edýän uruş barada gapma-garşy pozisiýalary eýeläp gelýärler. Orsýet Siriýanyň prezidenti Başar al-Assady goldaýar we ABŞ tarapyndan türgenleşdirilýän we ýarag bilen üpjün edilýän gozgalaňçy güýçlere hüjüm edýär.

XS
SM
MD
LG