Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 13-14-nji iýulda ilkinji gezek resmi sapar bilen Gyrgyzystana barar, diýip gyrgyz resmileri aýtdylar.
Gyrgyzystanyň prezidentiniň 7-nji iýulda aýtmagyna görä, Merkel Bişkekde Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew, şeýle-de ýurduň parlament agzalary we raýat jemgyýetçiliginiň wekilleri bilen duşuşar.
Merkel we Atambaýew ikitaraplaýyn gatnaşyklary, regional we halkara meseleleri ara alyp maslahat ederler.
Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier mart aýynda Gyrgyzystana we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna sapar edipdi we resmi maglumatlara görä, terrorizme garşy göreş, regional hyzmatdaşlyk we ykdysady gatnaşyklar ýaly meseleleri maslahat edipdi.