Demirgazyk Koreýanyň suwasty gämiden geçirmekçi bolandygy aýdylýan raketa synagy şowsuzlyga uçrady, diýip Günorta Koreýanyň harbylary maglumat berýärler.
Phenýan ýadro ýaragyny daşap bilýän raketa ulgamlaryny ornaşdyrmak ugrunda tagalla edýär.
Demirgazyk Koreýanyň soňky synagynyň öňýany, ABŞ bilen Günorta Koreýa Phenýandan gelip biljek howpuň öňüni almak üçin raketa hüjümlerinden goranyş ulgamlaryny ýerleşdirmek barada ylalaşandyklaryny mälim etdiler.
ABŞ Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Jong Uny adam hukuklaryny bozmakda güman edilýänleriň sanawyna goşandan soň, Phenýan muny “söweş deklarasiýasy” diýip, häsiýetlendirdi we muňa berk jogap berjekdigini duýdurdy.
ABŞ-nyň Döwlet departamenti soňky raketa synagynyň Howpsuzlyk geňeşiniň rezolýusiýasyna garşy gelýändigini aýtdy.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!