Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kaşmirde jeňçileriň komandiri öldürildi


Hindistanyň howpsuzlyk güýçleri Pakistan bilen serhede gözegçilik edýärler.
Hindistanyň howpsuzlyk güýçleri Pakistan bilen serhede gözegçilik edýärler.

Hindistanyň howpsuzlyk güýçleri dawaly Kaşmir sebitindäki jeňçileriň belli komandiriniň öldürilendigini habar berýärler.

Maglumata görä, “Hizbul Mujahideen” toparynyň ýolbaşçysy Burhan Muzaffar Wani 8-nji iýulda, başga-da iki jeňçi bilen birlikde öldürilipdir.

Hindi polisiýasy muny “Kaşmirdäki jeňçilere garşy göreşdäki uly üstünlik” diýip, atlandyrdy. Kaşmirde ýaşaýanlaryň aglabasy musulmanlar bolup, olar köplenç halatda jeňçileriň tarapyny tutýarlar.

22 ýaşly Waniniň öldi habaryndan soň, Kaşmiriň ýaşaýjylary köçelere çykyp, protest geçirdiler. Resmiler komendant sagadyny girizdiler we sebitdäki mobil aragatnaşygyny kesdiler.

Kaşmir Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dawaly sebit bolup, iki ýurt hem onuň eýeçiligine talap bildirýär.

XS
SM
MD
LG