Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Ýedi adam tussag edildi


Atatürk aeroportuna edilen hüjümiň yzýany.
Atatürk aeroportuna edilen hüjümiň yzýany.

Türkiýäniň sudy geçen aý Stambulyň esasy aeroportuna edilen üç hüjüm bilen ilteşikli ýene ýedi adamy tussag etdi. Munuň netijesinde, bu iş bilen baglanyşykly tussag edilen adamlaryň sany 37-ä ýetdi diýip, türk metbugat serişdeleri habar berýär.

Türkiýäniň döwlet eýeçiligindäki “Anadolu” habar agentliginiň 11-nji iýulda ýaýradan maglumatyna görä, ýedi şübheli “ýaragly terroristik topara agza bolmakda” we öldürmäge gatnaşmakda aýyplanýar.

Hususy eýeçilikdäki “Dogan” habar agentligi 10-njy iýulda agşam tussag edilen ýedi şübheliniň ählisiniň daşary ýurt raýatlarydygyny habar berýär.

28-nji iýunda Stambulyň Atatürk aeroportunda bolan hüjümde azyndan 45 adam öldi we başga-da 240 çemesi ýaralandy.

XS
SM
MD
LG