ABŞ-nyň goranmak sekretary Aş Karter owgan liderleri we ABŞ-nyň harby ýolbaşçylary bilen duşuşmak üçin öňünden yglan edilmedik sapary bilen Kabulda bardy.
Karteriň Owganystanyň prezidenti Aşraf Ghani we baş dolandyryjy resmisi Abdulla Abdulla, şeýle-de ABŞ-nyň Owganystandaky ba harby wekili general Jon W.Nikolson bilen bilen duşuşmagy planlaşdyrylýar.
Karteriň sapary ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň ABŞ-nyň 2017-nji ýylda Owganystandaky harbylarynyň sanyny 5500 müňe çenli kemeltmegiň ýerine 8700 harbysyny saklamak plany barada yglan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.
ABŞ NATO-nyň maslahat bermek we türgenleşdirmek missiýasyna gatnaşmak bilen bir wagtda terrorçylyga garşy çäreleri üçin ýörite güýçlerini saklaýar.
Waşington owgan goşuny üçin ýylda 3.5 milliard dollarlyk maliýe kömegini wada berdi.