Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropalylar terrorçylyk howpuny bosgunlar bilen baglanyşdyrýarlar


Polisiýa migrantlary bikanun lagerden kowýar, Malmoe, Şwesiýa, 2015.
Polisiýa migrantlary bikanun lagerden kowýar, Malmoe, Şwesiýa, 2015.

Ýewropa Bileleşiginiň 10 agza ýurdunda geçirilen barlaglaryň netijelerine görä, ýewropalylaryň ençemesi Ýewropada migrant krizisiniň we terrorçylyk howpunyň arasynda arabaglanyşyk görýärler.

Ýewropa 2015-nji ýylda bir million çemesi migranty kabul etdi, olaryň aglaba bölegi Siriýadan, Yrakdan we Owganystandan. Olaryň köpüsi Germaniýada we Şwesiýada syýasy başpena soradylar.

Waşingtonda ýerleşýän “Pew Research Center” merkezi atly guramanyň maglumatynda barlag geçirilen 10 ýurtdan sekiz ýurtda öz pikirini mälim edenleriň ýarysy bosgunlaryň terrorizm howpuny artdyrýar diýip pikir edýändigi aýdylýar.

Polşada şeýle pikiri adamlaryň 76%, Wengriýada 71% öňe sürüpdir. Bu ýurtlar iň sanly bosgunlary kabul eden döwletlerdir.

Iň köp bosgunlary kabul eden ýurtlar Germaniýada we Şwesiýada öz pikir eden adamlaryň azyndan ýarysy migrantlaryň agyr zähmeti we talantlary bilen öz ýurtlaryny has güýçli edendigini aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG