Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangladeş professory kafe hüjümi bilen bagly tussag edildi


Dhaka, pidalary hatyralaýan studentler. 3-nji iýul, 2016 ý.
Dhaka, pidalary hatyralaýan studentler. 3-nji iýul, 2016 ý.

Bangladeşiň saýlama uniwersitetiniň professory şu aýda Dhaka kafesinde ganly hüjüm gurnan ýaragly adamlara kireýine jaý berdi diýlip, tussag edildi.

Polisiýanyň beýanatyna görä, Demirgazyk Günorta uniwersitetiniň işgäri Gias Uddin Ahsan 16-njy iýulda giçlik tussag edildi we 17-nji iýulda oňa paýtagt sudunda aýyplama bildiriler.

Polisiýa Ahsany öz eýeçiligindäki kwartirany, kanunyň talap edişi boýunça, kwartirantyň maglumatlaryny hasaba aldyrmazdan, 1-nji iýul hüjümleri bilen bagly adamlara kireýine bermekde aýyplaýar.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» terror topary öz boýnuna alypdy.1-nji iýulda bolan kafe hüjümine gatnaşan bäş hüjümçi 20 adamy öldürip, beýlekileri kafeniň içinde zamun saklapdy.

Polisiýa 2-nji iýulda kafeniň içine zabt edip, hüjümçileri öldürdi we zamunlary azat etdi.

XS
SM
MD
LG