Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe Injirlik howa bazasyny ýapdy


Injirlik howa bazasy
Injirlik howa bazasy

Pentagon ABŞ harbylarynyň Türkiýäniň Injirlik howa bazasyndan Yraga, Siriýa uçurylýan uçarlar bilen «Yslam döwleti» toparyna zarba urmagyny wagtlaýynça togtadandygyny aýtdy.

Pentagondaky resmi operasiýanyň Türkiýe tarapyndan, türk harby elementleriniň harby agdarylyşyk synanyşyklaryndan soň, howa giňişliginiň ýapylmagy sebäpli togtadylandygyny aýtdy

Pentagon ABŞ-nyň Merkezi komandowaniýasynyň, bu ýapylyşyň negatiw täsirini azaldar ýaly, YD jeňçilerine garşy edilýän howa operasiýalaryny düzgünleşdirýändigini aýtdy.

Şu aralykda ABŞ-nyň Türkiýedäki konsullygynyň resmisi ýerli häkimiýetleriň 16-njy iýulda Injirlik bazasyndaky hereketi togtatdandygyny, elektrigi kesendiklerini aýtdy.

Bu çäre türk häkimiýetleriniň NATO agzasy bolup durýan ýurduň ýaragly güýçleriniň içinden harby agdarylyşygy planlaşdyranlary tutjak bolýan wagtyna gabat geldi.

Pentagon Injirlik howa bazasynyň 16-njy iýulda içerki tok üpjünçiligi esasynda işländigini we bu tok kesilmesiniň we howa giňişliginiň ýapylmagynyň ABŞ işgärlerine howp döretmändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG