Türk döwlet mediasy prezident Rejep Taýyp Erdoganyň rus kärdeşi Wladimir Putin bilen awgustda duşuşjakdygyny habar berýär.
Bu iki lideriň iýun aýynda, 2015-nji ýylyň noýabrynda urlup ýykylan rus harby uçary üstündäki jetleşmeden soňky gaýtadan düşünişmesinden bäriilkinji ýüzbe-ýüz duşuşygy bolar.
Anadoly habar gullugy hökümet çeşmelerine salgylanyp, bu duşuşygyň awgustyň ilkinji hepdesinde boljakdygyny habar berýär.
Ankara we Moskwa 17-nji iýulda Putiniň biraz öň Türkiýede 15-nji iýulda bolan döwlet agdarylyşygy synanyşygy bilen bagly Erdogana telefon edip, öz goldawyny bildirendigini aýtdy.