Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap: Esgerler kasam kabul etdi

Türkmenistanda ýazky çagyryş boýunça harby gulluga almak çäresi tamamlanan mahaly, şu günler ýurduň dürli künjegindäki harby bölümlerde esgerleriň kasam kabul ediş dabarasy geçirilýär.

Şeýle çäreleriň biri Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň harby bölümleriniň birinde geçirildi. Bu ýerde harby gulluga çagyrylan täze esgerler resmi görnüşde harby gulluga başlamak üçin kasam kabul edýärler. Bu dabara täze gelen esgerleriň ene-atalary hem tomaşaçy hökmünde gatnaşdylar.

XS
SM
MD
LG