Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe alymlaryň ýurtdan çykmagyny gadagan etdi


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 19-njy iýul, 2016 ý. Stambul.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan. 19-njy iýul, 2016 ý. Stambul.

Türk hökümeti, 15-nji iýulda başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyndan soň, Türkiýede girizilen giň gerimli çäklendirmeleriň bir bölegi hökmünde alymlaryň ählisiniň ýurtdan çykmagyny gadagan etdi.

Türkiýäniň Ýokary Bilim geňeşi bu barada 20-nji iýulda mälim edip, bu gadagançylygyň “goşmaça bildiriş berilýänçä” dowam etjekdigini aýtdy.

Bu gadagançylyk, Türkiýäniň Ýokary Geňeşi ýurduň çäklerindäki uniwersitetlerden 1,577 dekany wezipesinden boşadandan we hususy bilim edaralarynda işleýän 21 müň çemesi mugallymyň lisenziýasyny ýatyrandan bir gün soň yglan edildi.

Bu hereketler, 200-e golaý adamynyň ölümine sebäp bolan harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň arkasynda bolmakda güman edilýän Fethullah Gülene garşy edilýän hüjüm diýlip hasaplanýar.

Häzir Birleşen Ştatlarda ýaşaýan Gülen başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygyny ýazgaryp, bu waka bilen özüniň hiç hili ilteşiginiň ýokdugyny aýtdy.

Bu aralykda, “WikiLeaks” websaýty häkimiýetdäki Adalat we galkynyş partiýasynyň (AKP) ýüz müňlerçe e-mailini syzdyrandan bir gün soň, 20-nji iýulda Türkiýäniň telekom agentligi ýurtda “WikiLeaks” websaýtyny petikledi.

Türkiýede başa barmadyk harby döwlet agdarylyşygy synanyşygynyň yzýany, 50 müň çemesi esgeriň, polisiýa işgäriniň, sudýanyň, döwlet işgäriniň we mugallymyň ygtyýarlyklary çäklendirildi ýa-da wezipesinden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG