Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Berdimuhamedow ÝHHG merkeziniň täze başlygy bilen duşuşdy


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalia Drozd
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Natalia Drozd

Türkmenistanyň prezidenti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkeziniň täze ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Ilçi Natalýa Drozd merkeziň ýolbaşçysy wezipesine 9-njy iýulda bellendi.

Türkmen prezidenti öz ýurdunyň ÝHHG bilen açyk dialoga taýýardygyny aýtdy.

Resmi maglumatlara görä, taraplar regional we global derejede parahatçylygy we howpsuzlygy saklamakda umumy bähbitleriniň bardygyny belläpdir we ileri tutýan meseleleriniň arasynda ýangyç-energiýa, söwda-ykdysady, transport, töwerek-daşy goramak we gumanitar ugurlary belläpdir.

Mundan ozal 2005-2013-nji ýyllarda ÝHHG-niň Skopiýedäki missiýasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary bolup işlän belarusly diplomat Drozdyň köp taraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigi barada Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowy ynandyrandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG