Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Türkiýäniň mugallymlary, sudýalary yzarlamagyny 'kabul etmeýär'


Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini
Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherini

Ýewropa Bileleşigi Türkiýäniň başa barmadyk agdarylyşykda güman edip, müňlerçe adamy tussag etmegine we işden çetleşdirmegine “aladalanma” bildirdi we ýurdy adam hukuklaryna hem kanunyň hökmurowanlygyna hormat goýmaga çagyrdy.

21-nji iýulda Türkiýäniň prezidenti Recep Taýyip Erdogan agdarylyşykda güman edilýänleri tussag etmäge ygtyýarlygyny artdyrmak üç aý möhletli adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi, şeýle-de agdarylyşyga goldaw bildirmekde aýyplap, mekdeplerde, uniwersitetlerde, polisiýada we kanun goraýjy edaralarda 60 müňden gowrak adamy wezipesinden boşatdy ýa-da iş başyndan çetleşdirdi.

“Biz bolup geçýän ýagdaýlara ýakyndan we aladaly syn edýäris”, diýlip Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar boýunça ýolbaşçysy Federika Mogherininiň we bileleşigi ýaýbaňlandyrmak boýunça komissary Johannes Hahnyň 22-nji iýulda ýaýradan bilelikdäki beýannamasynda aýdylýar.

Olar hususan-da mugallymlaryň, sudýalaryň we žurnalistleriň yzarlanmagyny “kabul ederlikli däl” diýip atlandyrdylar we Türkiýäniň “kanunyň hökmurowanlygyna, adam hukuklaryna we esasy azatlyklara, şol sanda raýatlaryň adatly sud edilmek hukugyna hormat goýmalydygyny bellediler.

XS
SM
MD
LG