Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kerri Laosda Lawrow bilen Siriýa barada gepleşer


Jon Kerri
Jon Kerri

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri geljek hepde Laosda geçýän sammitiň gapdalynda rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen Siriýadaky uruş barada maslahat etjekdigini aýdýar.

Kerri 24-nji iýulda baş diplomatlar bilen günorta-gündogar Aziýa döwletleriniň birleşiginiň Wentýanda geçýän ýyllyk sammitine gatnaşýar.

Kerri geçen hepde Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin we daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen gepleşik geçirip, başa barmadyk ýaraşygy ýola goýmak we uzak wagt bäri doňup galan parahatçylyk gepleşiklerini dikeltmek üçin «anyk çärelere» basyş etdi.

Siriýanyň parahatçylyk gepleşikleri doňdy we fewralda Orsýet we ABŞ tarapyndan araçylyk edilen ýaraşyk agyr söweşler bilen umuman puja çykdy.

XS
SM
MD
LG