Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenistan: Agrar partiýanyň gurultaýy boldy


Lebap, pagtaçylar

Aşgabatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary II gurultaýy geçirildi.

Türkmen telewideniýesiniň anna güni beren habaryna görä, bu gurultaýa ýurduň dürli künjeklerinden 600-den gowrak wekil gatnaşdy.

Mundanam başga, gurultaýyň işine jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, habar serişdeleriniň wekilleri we döredijili işgärleri gatnaşdy diýip, habarda aýdylýar.

Gurultaýda guramaçylyk meselelerine garalyp, Agrar partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygy wezipesine Öwezmyrat Enermyradow saýlanyldy, partiýanyň Merkezi geňeşiniň hem-de merkezi gözegçilik-derňew toparynyň düzümi tassyklanyldy diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugatda habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG