Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik resmileri migrasiýanyň azalýandygyny aýdýarlar


Täjik migrant işçileriniň çagalary Duşenbe aeroportynda kakalaryna garaşýarlar.
Täjik migrant işçileriniň çagalary Duşenbe aeroportynda kakalaryna garaşýarlar.

Täjik resmileri Orsýete we beýleki ýurtlara giden täjik migrant işçileriniň sanynyň 2016-njy ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýylyň degişli döwrüniň netijeleri bilen deňeşdirilende, 17 prosente golaý aşak gaçandygyny aýdýarlar.

Täjigistanyň zähmet ministri Sumangul Taghoizoda 22-nji iýulda täjik migrantlarynyň aglaba köplüginiň Orsýete gidendigini, ol ýerde azyndan 870,000 täjik işleýär diýlip hasaplanylýandygyny aýtdy.

Taghoizoda Duşenbede, žurnalistleriň öňünde çykyş edip, zähmet migrasiýasynyň peselmeginiň Orsýetdäki maliýe krizisi, ol ýurduň pulunyň gowşamagy, şeýle-de Orsýetiň migrantlar üçin has berk täze düzgünleri girizmegi bilen baglydygyny aýtdy.

Taghoizoda ýanwardan iýuna çenli aralykda azyndan 436 täjik raýatynyň Orsýetde ölendigini hem sözüne goşdy.

Ol şu ýylyň ilkinji alty aýynda 6 müňden gowrak täjik migrantynyň Gazagystana iş gözläp gidendigini hem sözüne goşdy.

XS
SM
MD
LG