Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan: Ok-däri zawodynda azyndan 2 işçi öldi


Şirwandaky "Araz" harby zawody
Şirwandaky "Araz" harby zawody

Azerbaýjanyň häkimiýetleri ok-däri zawodynda bolan partlamada iki işçiniň ölendigini, 200-siniň bolsa ýaraly bolandygyny aýdýar.

Bu waka 26-njy iýulda, paýtagt Bakuwdan 100 kilometr çemesi uzakdaky Şirwan şäherinde bolupdyr.

Azerbaýjanyň Goranmak senagaty ministrliginiň beýanatynda ölen iki adamyň hem "Araz" zawodynyň işçisi bolandygy aýdylýar.

Ministrlik wepat bolanlaryň atlaryny Agamir Mamedow we Ilhama Nuriýewa diýip tanytdy.

Azatlyk radiosynyň Azerbaýjan gullugy azyndan 20 adamyň ýaraly bolandygyny, partlamanyň sagatlap şäheri we onuň töweregini sarsdyrandygyny, zawodda bolsa ýangynyň möwç alyndygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG