Türkiýäniň başa barmadyk agdarylyşygyň yzýany amala aşyrýan arassalaýyşlary onuň ABŞ-nyň harbylary bilen “Yslam döwleti” (YD) toparyna garşy hyzmatdaşlygyna päsgel berýär, diýip ABŞ-nyň resmileri 28-nji iýulda aýdýarlar.
ABŞ-nyň milli aňtaw gullugynyň müdiri James Klapper we ABŞ-nyň Merkezi harby ýolbaşçylygynyň müdiri general Josef Wotel Koloradoda geçirilen Aspen howpsuzlyk forumynda çykyş edip, Türkiýedäki arassalaýyşlaryň ABŞ-nyň YD toparyna garşy söweşmek tagallalaryna ýardam beren ençeme türk ofiserlerine täsir ýetirendigini, käbirlerini türmä basandygyny aýtdy.
NATO-nyň agzasy bolan Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan başa barmadyk agdarylyşygyň yzýany ýurtda uly özgerişlere başlady we harbylary öz gözegçiliginiň astyna aldy.
1700 çemesi harby, 16-njy iýulda bolan putça gatnaşmakda güman edilip, wezipelerinden mahrum edildi, olaryň 40% çemesi admirallar we generallar.
Türkiýäniň generallarynyň üçden bir bölegi tussag edildi we 100-den gowragy suda garaşýar.