Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Katolik ruhanysyny öldüren adam musulmanlary hüjüme çagyrdy


19 ýaşly Abdel-Malik Nabir Petitjean (sagda), wideo ýazgydan alnan surat
19 ýaşly Abdel-Malik Nabir Petitjean (sagda), wideo ýazgydan alnan surat

“Yslam döwleti” toparynyň täzelikler agentligi (AMAQ) şu hepdede Fransiýanyň demirgazygynda katolik kilisesine edilen hüjüme gatnaşan iki hüjümçiniň biridigi çak edilýän adamyň musulmanlary ýurdy dargatmaga çagyrýan wideo ýazgysyny ýaýratdy.

Katolik kilisesine hüjüm edip, ruhanyny öldüren we yzýany polisiýa tarapyndan atylyp öldürlen hüjümçileriň biri 28-nji iýulda şahsyýeti anyklanan Fransiýanyň raýaty 19 ýaşly Abdel-Malik Nabir Petitjean wideoda prezident Fransua Hollanda we premýer-ministr Manuel Wallsa ýüzlendi.

“Wagt üýtgedi. Inilerimiziň we uýalarymyzyň çekýän azabyny sizem çekersiňiz. Biz ýurduňyzy dargadarys”, diýip wideoda özüni Petitjean diýip tanadan adam aýtdy.

Fransiýanyň polisiýasy hüjümden öň Petitjeany gözläpdi. Türkiýäniň aňtaw gulluklary onuň radikallaşan bolmagynyň ähtimaldygyny duýdurypdy.

XS
SM
MD
LG