Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezident Putin Sloweniýa sapar edýär


Wladimir Putin
Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 29-njy iýulda, Moskwanyň ÝB we NATO bilen arasyndaky dartgynlyklar mahalynda, Sloweniýa sapar edýär.

ÝB-niň we NATO-nyň agzasy bolan Sloweniýa, gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere goldawy we Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa edendigi üçin Orsýete garşy girizilen sanksiýalara goşulan hem bolsa, Moskwa bilen dostana gatnaşyklary saklamagy başardy.

Sloweniýa Putiniň saparyny resmi däl diýip häsiýetlendirdi.

Emma ÝB diplomatlary «Roýters» habar gullugyna özleriniň Orsýet, ýewropa ýurtlarynyň Moskwa garşy sanksiýalar babatdaky agzybirligini bozmaga çalyşýar diýip, alada edýändiklerini aýtdylar.

Sloweniýanyň prezidenti Boris Pahor TASS habar gullugyna bu saparyň ynamy we dialogy berkitmek üçin guralandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG