Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakerler Hillari Klintonyň Prezident kampaniýasyna hüjüm etdi


 Hillari Klinton
Hillari Klinton

ABŞ-nyň demokratik partiýasynyň guramalaryna edilýän uly kiber hüjüminiň çäginde Hillari Klintonyň prezident kampaniýasyna hüjüm edildi diýip, amerikan metbugaty 29-njy iýulda habar berdi.

Soňky haker hüjümi Demokratik milli komitetiň we Demokratik kongres kampaniýasy komitetiniň maglumatlarynyň ogurlanmagynyň yz ýanyna gabat geldi.

ABŞ-nyň aňtaw resmileriniň we hususy ekspertleriniň ynanjyna görä, bu kiber hüjümleri rus hökümeti üçin işleýän agentler tarapyndan amala aşyrylan bolmaly.

Hüjümçiler özleriniň ruslardygyny aňladýan yzlary galdyrypdyrlar we diňe hökümete elýeterli bolan gurallary ulanypdyrlar.

Käbirleri Orsýet prezident saýlawlaryna täsir ýetirjek bolýar diýip alada edýär. Orsýetiň hökümeti bu aýyplamalary ret edýär.

XS
SM
MD
LG