Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pop 2.5 million zyýaratçynyň öňünde çykyş edýär


Pop Fransis
Pop Fransis

Rim papasy Fransis 31-nji iýulda Polşanyň Krakow şäheriniň daşyndaky düzlükde, 2.5 milliondan gowrak zyýaratçynyň gatnaşmagynda Ýekşenbe ýygnanyşygyny geçirdi.

Rehimdarlyk meýdany diýilýän ýere öten agşam bir hepdelik Bütindünýä Ýaşlar festiwalynyň jemleýji gününe gatnaşmak üçin ýüz müňlerçe adam toplandy.

Pop Fransis 30-njy iýul agşamy guralan çärede «diwan bilen bagtyýarlygy bulaşdyrýan» ýalta çagalary tankyt etdi we olary sagatlap telefona güýmenip oturandan doly bahaly durmuşda ýaşamaga çagyrdy.

Biraz öň, Oswensim lagerine saparynda bolsa, pop bu ýerde bolan elhençlikleriň Ikinji Jahan urşy bilen soňlanmandygyny duýdurdy.

Ol «Dünýä uruş içinde», emma gorkudan üstün çykmak yzarlanmadan we konfliktden gaçyp gelýän adamlara hoş geldiň diýmekde diýdi. Şeýle-de ol dünýäniň terrordan gutulmagy üçin dileg etdi.

XS
SM
MD
LG