Gyrgyz häkimiýetleri Siriýadaky “Yslam döwleti” atly topara goşulmaga barýan 20 ýaşyndaky adamy tussag edendiklerini aýdýarlar.
Gyrgyzystanyň Serhet gözegçilik gullugynyň 1-nji awgustda beren maglumatyna görä, ýurduň Batken regionyndan bolan gürrüňi edilýän adam Orsýetiň Sank-Peterburg şäherine barýan mahaly, Oş şäheriniň aeroportunda tussag edilipdir.
Gyrgyz Serhet gözegçilik gullugynyň maglumatynda şahsyýeti köpçülige mälim edilmeýän adam özüniň Türkiýä, soňrada “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijilerine goşulmak üçin Siriýa gitmegi planlaşdyrýandygyny boýun aldy diýilýär.
Şu ýylyň iýun aýynda gyrgyz häkimiýetleri Siriýada we Yrakda söweşijileriň hatarynda söweşendigi aýdylýan birnäçe gyrgyz raýatynyň Gyrgyzystana gelensoň tussag edilendigini mälim etdiler.
Bişkek jemi 500-den gowrak gyrgyz raýatynyň Siriýadaky we Yrakdaky “Yslam döwleti” atly topara goşulandygyny aýdýar.
Мумкин белки мен ялнышяндырын ! Шу ерде бир зат бар :Эрдоган халкына вепалымы я-да Бердимухаммедов алабай итжагагаз бн халкына ,Путинамы? Болмаса Германиядан,Америкадан алсалар говы боларды дийжек болярын ! Бары егы 2-3 млн.халкымыз бар !