Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambulda milli bütewilik ýörişi planlaşdyrylýar


Prezident Rejep Taýyp Erdogan öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, Stambul, 18-nji iýul, 2016.
Prezident Rejep Taýyp Erdogan öz tarapdarlarynyň öňünde çykyş edýär, Stambul, 18-nji iýul, 2016.

Türkiýede başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygyndan soň milli bütewüligi görkezmek maksatly 7-nji awgustda Stambulda geçiriljek ýörişe prezident Rejep Taýyp Erdoganyň häkimiýet başyndaky “Adalat we ösüş” partiýasyna Türkiýäniň oppozision partiýalarynyň hem goşuljakdygy aýdylýar.

“Demokratiýa we şehitler” atly ýörişiň 15-nji iýulda bolan agdyrylyşyk synanyşygyndan soň hökümete goldaw bildirmek boýunça iň uly çäre boljagyna garaşylýar.

Oppozision partiýalarynyň liderlerinden märekäniň öňünde çykyş etmegiň soralandygy habar berilýär. Emma kürtleri goldaýan “Halk demokratyik partiýasy” (HDP) ýörişe çagyrylmady. Erdogan bu partiýany ýurtda gadagan edilen “Kürdüstanyň işçi partiýasy” (PKK) bilen gatnaşykda aýyplapdy.

Soňky hepdelerde Türkiýede onlarça müň hökümet, bilim işgäri we jemgyýet gulluklarynyň wekilleri işden boşadylypdy, Müňlerçe adam döwlet agdarylyşygy bilen bagly dildüwüşige gatnaşmakda güman edilip, tussag astyna alnypdy.

Ençeme adam ABŞ-da ýaşaýan ruhany Fethullah Gulen bilen gatnaşykda şübhelendi. Gulen agdarylyşygy gurnamakda özüne bildirilen aýyplamalary ret etdi.

XS
SM
MD
LG