Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro boýunça alymyny jezalandyrdy


Şhahram Amiri maşgala agzalary bilen, Tähranyň Ymam Homeini adyndaky aeroportunda, 15-nji iýul, 2010.
Şhahram Amiri maşgala agzalary bilen, Tähranyň Ymam Homeini adyndaky aeroportunda, 15-nji iýul, 2010.

Eýran ýadro ylymlary boýunça alymy asyp jezalandyrandygyny 7-nji awgustda yglan etdi we onuň Birleşen Ştatlara gizlin maglumatlary berendigi üçin jeza çekendigini aýtdy.

Geçen hepdede Eýran ýaňy-ýakynda 20 adamy ölüm jezasyna höküm edendigi üçin tankyt edilipdi.

AFP agentliginiň maglumatyna görä, Eýranyň Adalat edarasynyň metbugat-wekili alym Şahram Amiriniň “ýurduň baş syryny duşmana paş edendigi üçin asylyp öldürilendigini” Mizan internet neşrine aýdypdyr.

Amiriniň 2009-njy ýylda näbelli sebäplere görä Birleşen Ştatlardan gaýdyp baransoň Saud Arabystanynda dereksiz ýitendigi habar berilipdi.

Şondan bäri peýda bolan wideo ýazgylarda Amiri başda özüniň ABŞ-nyň we Saud Arabystanynyň agentleri tarapyndan ogurlanandygyny mälim edipdi, yzýany özüniň ABŞ-da erkin ýaşaýandygyny habar beripdi, soňunda-da öýüne dolanmak isleýändigini aýdypdy.

Amiriniň maşgala agzalary onuň howpsuzlygy barada howatyrlanýandygyny, onuň bilen duşuşmaga päsgelçilikleriň döredilýändigini aýdypdy we alymyň dolanmagynyň sebäbini onuň Eýrandaky garyndaşlaryna basyş edilmegi bilen düşündiripdi.

Geçen häpdäniň ölüm jezasy

Amiriniň jezalandyrylmagy baradaky maglumat Tähranyň 20 adama beren ölüm jezasyny ýerine ýetirmegi üçin berk tankyda sezewar edilmeginiň yzýanyna gabat geldi.

BMG-niň adam hukuklary boýunça baş komissary Zeid Raad al-Husseýn Eýranyň hereketlerini “uly adalatsyzlyk” diýip atlandyrdy we jezalandyrmalaryň “çylşyrymly jenaýat işleriniň, aýyplanýanlaryň adalatly sud edilmegine bolan hak-hukuklarynyň depelenmeginiň” netijesinde amala aşyrylandygyny belledi.

Eýranyň döwlet mediasy 6-njy awgustda Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Bahram Ghaseminiň Günbatary Eýranyň içerki işlerine goşulmakda aýyplandygyny habar berdi.

“Eýran terrorizmiň pidasy bolýarka, ol öz raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin elinden geleni eder”, diýip Ghasemi aýtdy.

Ghasemi agzalan 20 adamyň bigünä raýatlary öldürendigini we gorky döredendigini aýtdy. Geçen hepdede asylyp öldürilenleriň tas ählisiniň sünni musulmanlar we kürt jemgyýetiniň agzalary bolandygy habar berildi.

“Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, esasan şaýy ilatly Eýranda şu ýyl azyndan 977 adam ölüm jezasyna höküm edildi. Gurama Eýranyň Hytaýdan soň dünýä derejesinde ölüm jezasyny iň köp berýän ýurtdugyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG