Orsýetiň Demirgazyk Kawkaz regiony Dagystanyň häkimiýetleri 8-nji awgustda ýurduň Dýuzlar obasynda ýanan awtoulagda iki adamyň jesedi tapylandan soň, bu babatda derňew işleriniň başladylandygyny habar berýärler.
Dagystanyň Derňew komitetiniň metbugat wekili Rasul Temirbekowyň 9-njy awgustda beren maglumatyna görä, iki adamyň şahsyýeti anyklandy.
Temirbekow deslapky derňewler iki adam partladyjy serişdäni alyp barýan mahaly, bu serişdeleriň ulagda partlandygyny görkezýär diýdi.
Şol bir wagtyň özünde, Dagystanyň resmileri ýurduň polisiýasynyň 8-nji awgustda regionyň Gergebil sebitinde el bilen ýaralan iki sany partladyjy serişdäni tapandygyny mälim etdiler.
Milli geyimleri geydireniňde name, eger zenanyň kalbynyň özi päk bolmasa. Bozuk hereketleri milli egin-eşiklerde edip bolmazmy eýsem? Zorluk ulanmak arkaly häkimiýet milli egin-eşiklere söýgi dalde beter yigrenç oýarýandyklaryndan habarlary yok