Balkan welaýatynyň ozalky Çeleken, häzirki Hazar şäherçesiniň 25 kilometr demirgazyk-günbatarynda gyzgyn suw çeşmesi bolup, bu ýere türkmenistanlylaryň ençemesi suwa düşmäge barýar. Azatlyk Radiosy bu gyzgyn çeşme barada ýörite fotosergi taýýarlady.
Hazar: Gyzgyn suw çeşmesi

1
Ýerli ýaşaýjylar bu çeşmäniň geçen asyryň 50-nji ýyllarynda burawçylar tarapyndan üstüniň açylandygyny aýdýarlar.

2
Bu gyzgyn suw çeşmesi 500 metr ýaly akyp, öz suwuny Hazar deňzine guýýar.

3
Çeşme burawlanan mahaly, oňa demir turba oturdylypdyr.

4
Käbir türkmenistanlylar çeşmäniň suwunyň we palçygynyň aýak-bil agrysyna we deri kesellerine peýdalydygyny aýdýarlar.