Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Helmandyň paýtagtynda owgan goşuny ýerleşdirildi


Barlag-geçiş nokady, Owganystanyň Helmand welaýaty, 9-njy awgust, 2016
Barlag-geçiş nokady, Owganystanyň Helmand welaýaty, 9-njy awgust, 2016

Owgan howpsuzlyk güýçleri Helmand welaýatynyň birnäçe günüň dowamynda söweşijileriň eline geçmegi bilen bagly howatyrlanmalar sebäpli “Talybana” garşy söweşlerini güýçlendirip, 10-njy awgustda Laşkar Gah şäherinde ýerleşdi.

Helmand welaýatynyň regional geňeşiniň başlygy Kareem Atalyň 10-njy awgustda aýtmagyna görä, “Talyban” hereketiniň söweşijileri Laşkar Gah şäheriniň daşyny tas doly gabapdyr we howpsuzlyk güýçleri şäheriň daşyndaky barlag-geçiş nokatlardan çekilip, olaryň ýerleşýän ýeri üýtgedilipdir.

Şeýle-de Atal 10-njy awgustda şähere “täze güýçleriň” barandygyny aýtdy.

Şäheriň Nad-e Ali etrabynda hem güýçli söweşleriň barýandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG