Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkiýe: Ankara Orsýet bilen gatnaşyklaryny ösdürer


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.
Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýýyp Erdogan we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin.

Türkiýäniň Orsýetdäki ilçisi Günbatar bilen Moskwanyň arasyndaky dartgynlylyklara garamazdan, Türkiýäniň Orsýet bilen gatnaşyklaryny ösdürjekdigini aýtdy.

“Biziň Orsýet bilen gatnaşyklarymyz örän möhüm we biz bu gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zady ederis. Biz bu gatnaşyklary Günbatar ýurtlary islese-de, islemese-de ösdüreris” diýip, Umit Ýardym 11-nji awgustda Moskwada geçiren metbugat konferensiýasynda aýtdy.

Şeýle-de, ol “NATO biziň beýleki ýurtlar bilen gatnaşyklarymyzy çäklendirip bilmez” diýdi.

Türk hökümeti Siriýanyň häzirki hökümetiniň Siriýadaky krizisi çözmäge gönükdirilen gepleşiklere gatnaşyp biljekdigine hem ynanýar diýip, türk ilçisi belledi.

Muňa garamazdan, 11-nji awgustda Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlut Çawuşoglu hususy eýeçilikdäki “NTV” telekanalyna beren interwýusynda Siriýada prezident Assad bilen syýasy geçişi amala aşyryp bolmajakdygyny aýtdy.

Orsýet we Türkiýe Siriýadaky krizis babatynda dürli garaýyşlarda bolup, Ankara Siriýada Assady häkimiýetden agdarmaga çalyşýan pitneçileri, Moskwa bolsa Siriýanyň hökümetini goldaýar.

XS
SM
MD
LG