Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Orsýet bilen dartgynlylyk Donbassa täsir ýetirmedi


Gündogar Ukraina, Luhansk regiony.
Gündogar Ukraina, Luhansk regiony.

Ukraina Kiýewiň we Moskwanyň arasynda dartgynlylyk güýçlenen hem bolsa, ýurduň gündogaryndaky Donbass regionynda soňky günlerde söweşleriň güýçlenmegi bilen bagly ýagdaýyň göze ilmeýändigini aýtdy.

Ukrainanyň harbylarynyň metbugat-wekili Oleksandr Motuzýanyk “bikanun ýaragly toparlaryň tarapyndan ok atyşygyň bes edileni göze ilmedi, emma ok atyşykly wakalaryň ortaça sany ozalky derejesinde galýar” diýip, 12-nji awgustda eden çykyşynda aýtdy.

Şu hepdede Moskwanyň Kiýewi anneksiýa edilen Krym ýarymadasynda konflikti tutaşdyrmak synanyşygynda aýyplamagy Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda söweşleriň güýçlenmegine itergi berip biljekdigi baradaky howatyrlanmalary artdyrdy.

11-nji awgustda Orsýet Gara deňizde harby türgenleşiklerini yglan etdi, Ukraina öz goşunyny taýýarlyk derejesine getirdi.

2014-nji ýylda Orsýet Krymy anneksiýa edende, öz goşunlaryny ýerleşdirip, referendum geçiripdi. Kiýew, Günbatar we dünýäniň 100 çemesi ýurdy şol referendumyň netijelerini ykrar etmediler.

XS
SM
MD
LG