Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk resmileri Guleni 2000 ýyllyk tussaglyga höküm etmek isleýär


Fethullah Gulen öz öýünde, Saylorsburg, Pennsylwania, ABŞ, 29-njy iýul, 2016
Fethullah Gulen öz öýünde, Saylorsburg, Pennsylwania, ABŞ, 29-njy iýul, 2016

Türkiýäniň prokurorlary ýurduny terk eden dinçi Fethullah Gulene garşy 2 527 sahypalyk aýyplamalaryň toplanandygyny habar berdiler. Resmiler Guleni geçen aýda 240 adamyň ölümine sebäp bolan başa barmadyk harby agdarylyşygy amala aşyrmak synanyşygyna gatnaşmakda güman edýärler.

16-njy awgustda çap edilen aýyplamada Guleniň “güýç bilen konstitusion düzgüni ýumurmaga synanyşygy” we “ýaragly terrorçy topary düzmegi hem dolandyrmagy” üçin ony ömürlik türme tussaglygyna iki gezek höküm etmegi, şeýle-de oňa goşmaça 1900 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi talap edilýär.

ABŞ-da ýaşaýan Gulen başa barmadyk agdarylyşyga gatnaşygyny doly ret edýär.

Şeýle-de 18-nji awgustda Türkiýäniň polisiýasy 120 sany biznes ýolbaşçysyny tussag etmäge resminamanyň berilmeginiň yzýany Stambulda 44 şirketde reýd geçirdi.

Ýewropanyň Žurnalistler federasiýasy Türkiýede 68 žurnalistiň tussag edilendigini habar berdi.

15-nji iýuldan bäri Türkiýede 35 müňden gowrak adam saklandy, şol sanda 17 müň adam tussag astynda galýar, onlarça müň adam işden boşadyldy.

XS
SM
MD
LG