Orsýet Eýranda ýerleşýän söweş uçarlaryny ulanyp, Siriýadaky nyşanlara howadan zarba urmagyny iki gün bäri dowam etdirdi.
Orsýetiň Goranmak ministrliginiň aýtmagyna görä, ençeme Su-34 söweş uçary Siriýanyň Deir ez-Zor regionyndaky nyşanlary oka tutmak üçin 17-nji awgustda Hamadan howa bazasyny terk edipdir we aman yzyna dolanypdyr.
Ministrligiň beýannamasynda “150-den gowrak söweşijiniň, şol sanda hakyna tutulan daşary ýurtlularyň öldürilendigi” habar berildi.
Orsýetiň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Kremliň Siriýadaky nyşanlara hüjüm etmek üçin Eýrandaky bazalaryny ulanmagynyň BMG-niň rezolýusiýasyna ters gelýändigi barada aýdanlaryny ret etdi.
Moskwanyň 16-njy awgustda başlan bu howa hüjümleriniň yzýany ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili Mark Toner operasiýanyň Eýrana söweş uçarlaryny ibermegi gadagan edýän rezolýusiýa ters gelýändigini aýtdy.
17-nji awgustda Eýranyň parlamentiniň metbugat-wekili Ali Larijani Orsýetiň Eýranda hemişelik harby bazasynyň ýokdugyny aýtdy, emma Eýranyň “Orsýet bilen gowy hyzmatdaşlygynyň bardygyny” belledi.
Вакцинаны Хытай довлетинден алан болсалар говы боларды ,Турк доганларымыздан горелде алып ,шонда ялнышмарыс! Тебигы газымыз бн хасаплашып хем билердик! Хер бир затда Кремльин межбур эдени билен ,оларын диенини эдибермелими , онсузам 30(отуз) йыл туркмен халкыны косап гелйарлер,ягны олары адам хасабында гормани!