Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: 1991-nji ýylyň ýatlama çäresine rugsat berilmedi


Orsýetiň öňki prezidenti Boris Ýeltsin (ç) hökümetiň binasynyň öňünde dur, 19-njy awgust, 1991
Orsýetiň öňki prezidenti Boris Ýeltsin (ç) hökümetiň binasynyň öňünde dur, 19-njy awgust, 1991

Moskwanyň häkimiýetleri sowet prezidenti Mihail Gorbaçýowa garşy başa barmadyk agdarylyşyk synanyşygynyň 25-nji ýyl dönümini bellemäge rugsat bermekden ýüz öwürdiler.

“Adam hukuklary ugrunda” atly hökümete degişli bolmadyk guramanyň ýolbaşçysy Lew Ponomarew öz guramasynyň wakalary ýatlap, Moskwanyň merkezinde öz ýyllyk ýörişini geçirmek we 1991-nji ýylyň wakalarynda wepat bolan üç adamyň ýadygärligine gül goýmak üçin rugsat sorandygyny 16-njy awgustda öz blogunda ýazdy.

Moskwanyň häkimiýetleri şu ýyl rugsat bermekden ýüz öwürdiler we guramaçylary şäheriň çetindäki seýilgähde çäre geçirmegi teklip etdiler.

Lewada merkeziniň şu aýyň başynda geçiren pikir öwrenmelerine görä, öz pikirini mälim edenleriň 50 prosenti 1991-nji ýylyň 19-21-nji awgust günlerinden bolan wakalaryň ähmiýetini düşündiripdir, 48 prosenti düşündirip bilmändir.

XS
SM
MD
LG