Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň harby güýçleri Krymda maşk geçirdiler


Orsýetiň Gara deňiz flotunyň uçarlary, Nowofedoriwka, Krym
Orsýetiň Gara deňiz flotunyň uçarlary, Nowofedoriwka, Krym

Orsýetiň harby güýçleri Krymda we ýarymadanyň daşynda “maddy-tehniki maşklaryny” geçirýär. Orsýet Ukrainanyň Gara deňiz kurortyny 2014-nji ýylyň mart aýynda öz düzümine goşupdy.

Orsýetiň RIA-Nowosti döwlet agentligi 18-nji awgustda geçirilen türgenleşiklere guryýer we deňiz güýçleriniň gatnaşandygyny habar berdi.

Şu aýyň başynda Moskwa Ukrainany Krymda “sabotaž” hüjümleriniň dildüwüşigini gurnamakda aýyplansoň regionda dartgynlylyk güýçlendi. Kiýew Orsýetiň aýyplamalaryny ret edýär.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko 17-nji awgustda eden çykyşynda “Orsýetiň doly derejeli goşun girizmeginiň” ähtimallygyny aradan aýyrmaýandygyny aýtdy we ýurduň gündogarynda hem Krymda ýagdaýyň dartgynlaşmagynyň dowam eden ýagdaýynda “biz harby ýagdaýy hem mobilizasiýany” geçirmeli bolarys diýdi.

XS
SM
MD
LG