Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýildirim: Türkiýe gelýän 6 aýda Siriýada has aktiwleşer


Binali Ýildirim
Binali Ýildirim

Türkiýäniň premýer-ministri Türkiýäniň Siriýadaky konflikti çözmekde gelýän alty aýda, ýurduň etniki bölünişige düşmeginiň öňüni almak üçin, has aktiw rol oýnajakdygyny aýtdy.

"Türkiýe gelýän alty aýda Siriýa meselesinde, sebit oýunçusy hökmünde, has aktiw rol oýnar. Bu Siriýanyň etniki böleklere bölünmegine ýol bermezligi aňladýar, bu Türkiýe üçin juda möhüm» diýip, Ýildirim Stambulda guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

Türkiýäniň premýer-ministri Binali Yildirim prezident Başar al-Assad Siriýadaky geçiş döwründe rol oýnap biler, emma Siriýanyň gelejeginde rol oýnamaz diýdi.

XS
SM
MD
LG