Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri Hanabady "Talybandan" yzyna aldy


Gunduz ýoly
Gunduz ýoly

Owganystanyň hökümet güýçleri demirgazyk-gündogar welaýat bolan Gunduzyň biraz öň «Talyban» jeňçileri tarapyndan basylyp alnan etrabyny yzyna aldy.

Gunduz welaýatynyň gubernatory Asadulla Omarkhil Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna 20-nji awgust güni agşamlyk strategiki etrabyň dolulygyna yzyna alnandygyny, owgan baýdagynyň ýene etrabyň esasy binasynyň depesinde galgaýandygyny gürrüň berdi.

"Ol ýerde, owgan hökümet güýçlerine garşy söweşýänleriň arasynda ýerli «talyban» söweşijileri hem, çeçenler, özbekler ýaly daşary ýurtly söweşijiler hem bar» diýip, Omarkhil aýtdy.

"Olaryň ýolbaşçylary esasan Pakistanyň içeri aňtaw hyzmatlary gullugynyň agzalarynyň elinde» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Gunduz şäheriniň 30 km çemesi gündogarynda ýerleşýän Hanabat etrabynyň synmagy we yzyna alynmagy 20-nji awgustda, birnäçe sagat wagt içinde bolup geçdi.

«Talyban» jeňçileri 20-nji awgust güni irden owgan hökümet güýçlerini welaýat paýtagty Gunduza, geçen ýyl az wagtlyk «Talybanyň» eline geçen şähere çekilmäge mejbur etdiler.

XS
SM
MD
LG