Moskwanyň sudy Orsýetiň anti-doping laboratoriýasynyň öňki direktorunyň emläklerini ele geçirdi. Bu waka Girgoriý Rodçenkow Orsýetiň sportsmenleriň doping ulanmagyny döwlet derejesinde guramalaşdyrmak işine baş goşandygy barada käbir maglumatlary aýan etmeginiň yzýanyna gabat geldi.
25-nji awgustda Basman etrabynyň sudy Rodçenkowyň emläklerini ele salmak baradaky kararyň 12-nji awgustda çykarylandygyny aýtdy.
Öz wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýan Rodçenkow şu ýylyň başynda Birleşen Ştatlaryna gaçyp gidipdi. Ol 2014-nji ýylda geçirilen Soçi Olimpia oýunlary döwründe sportsmenleriň peşew netijelerini gizlemäge howpsuzlyk agentleriniň gatnaşygynyň bolandygyny barada çylşyrymly sistemany öňe sürdi.
Bütindünýä Anti-doping guramasy tarapyndan Rodçenkowyň öňe sürmeleri orsýetli sportsmenlere garşy ýöňkelýän aýyplamalary derňemekde ulanyldy.