Birleşen Ştatlar geçen ýyl “Yslam döwleti” (YD) atly topara goşulan gaçgak täjik polkownigi Gulmurod Halimow barada maglumat üçin üç million amerikan dollary möçberde pul hödürledi.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň howpsuzlyk boýunça derňew we analiz bölüminiň ýerine ýetiriji müdiri Kurt Rise Waşingtonyň Halimowa ekstremist toparyň baş agzasy hökmünde seredýändigini 30-njy awgustda aýtdy.
Risiň žurnalistlere aýtmagyna görä, Halimowyň ýerleşýän ýeri baradaky maglumat ABŞ-nyň dünýäniň ähli ýerindäki ilçihanalaryna ýetirilip, ýa-da amerikan diplomatik edaralaryna elektron poçta arkaly iberilip bilner.
Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň ýörite güýçleriniň öňki ýolbaşçysy Halimow YD toparyna 2015-nji ýylyň aprel aýynda goşulypdy.